Çi­li­de «Taca-taca», Ar­gen­ti­na­da «Me­te­gol» diý­lip ta­nal­ýan meş­hur güý­men­je­le­riň bi­ri hem stol fut­bo­ly­dyr. Hal­ka­ra fut­bol as­so­sia­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan bu oý­nuň mak­sa­dy ýaş­la­ryň fut­bo­la bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak hem-de wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek­dir.
1890-njy ýyl­lar­da Is­pa­ni­ýa­da hem-de Ýew­ro­pa­nyň kä­bir se­bit­le­rin­de stol fut­bo­ly üçin il­kin­ji ge­zek pa­tent­ler ber­lip baş­lan­ýar. Şeý­le-de bol­sa, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan fut­bo­luň göz­ba­şy 1921-nji ýyl­dan, ýag­ny ang­li­ýa­ly Ha­rold Se­ar­les Torn­to­nyň «Stol fut­bo­ly­ny oý­na­mak üçin en­jam» at­ly pa­ten­ti al­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. Bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne öýün­den çyk­man, sto­luň üs­tün­de söý­gü­li oý­nu­ny oý­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Stol fut­bo­ly dü­şe­gi fut­bol meý­dan­ça­sy­na meň­zeş gö­nü­burç­ly agaç çar­çu­wa­dan, me­tal tur­ba­jy­gy­na oýun­çy­lar ber­ki­di­len 6 tu­ta­waç­dan (her ta­ra­pa 3:3) hem-de her ta­rap­da utuk­la­ry bel­le­mek üçin bir­den do­ku­za çen­li san­ly gör­ke­zi­ji­den yba­rat­dyr. Bu oýun­da her ta­rap­da 9 «fut­bol­çy» (kä­bi­rin­de 4 tu­ta­waç, 6 oýun­çy) bo­lup, tu­ta­waç­la­ra erk ed­ýän oýun­çy­nyň ez­ber­li­gi­ne bag­ly­lyk­da utuk ga­za­nyl­ýar. Ada­ty sto­luň uzyn­ly­gy 120 san­ti­metr, ini 61 san­ti­metr bo­lup, gol bo­lan­da top der­we­ze­den ge­çip, meý­dan­ça­nyň gy­ra­syn­da­ky boş­lu­ga gaç­ýar. Bu oý­ny is­le­ge gö­rä wag­ty we düz­gün­le­ri çäk­len­dir­mez­den oý­nap bol­ýar. Stol fut­bo­lyn­da­ky düz­gün­ler ýurt ýa-da se­bit bo­ýun­ça dür­li-dür­li bol­sa-da, bi­te­wi düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da bäs­le­şik­ler hem ge­çi­ril­ýär. Oý­nuň do­wa­myn­da «fut­bol­çy­la­ry» ýo­ka­ry gal­dyr­mak ýa-da tu­ta­wa­jy do­ly de­re­je­de (360 de­re­je) aý­la­mak ga­da­gan edil­ýär. Stol fut­bo­ly­ny iki adam (ýe­ke­le­ýin), şeý­le hem iki ta­rap­dan iki adam (jü­büt­le­ýin) oý­nap bil­ýär.
2002-nji ýyl­da stol fut­bo­ly­nyň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Fran­si­ýa­da Hal­ka­ra stol fut­bo­ly fe­de­ra­si­ýa­sy (ITSF) dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da ITSF gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni alyp ba­ryp, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti hem-de Hal­ka­ra Sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş as­so­sia­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry gu­ra­ýar. Il­ki­baş­da stol fut­bo­ly bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gy­na ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýär­di, ýö­ne 2009-njy ýyl­dan bä­ri her ýyl­da gu­ral­ýar. 2013-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Nant şä­he­rin­de ge­çi­ri­len stol fut­bo­ly bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 30 ýurt­dan 500 tö­we­re­gi meý­le­tin­çi gat­naş­dy. Soň­ky ýyl­lar­da Azi­ýa ýurt­la­ry hem bu oýun­da ne­ti­je­li çy­kyş ed­ýär­ler. ITSF ýa­ryş­la­ry­ny 5 kom­pa­ni­ýa («Bon­zi­ni», «Ro­ber­to Sport», «Gar­lan­do», «Tor­na­do», «Le­on­hart») res­mi taý­dan stol en­jam­la­ry bi­len üp­jün ed­ýär.

Futbol topy barada gyzykly maglumatlar

Fut­bol to­pun­da 12 bäş­burç­luk we 20 al­ty­burç­luk bar.
Dün­ýä­de iň köp fut­bol to­pu­ny ön­dür­ýän brend­ler: «Adi­das», «Ni­ke», «Umb­ro».
Dün­ýä­dä­ki iň uly fut­bol to­py 2013-nji ýyl­da Ka­tar­da Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. To­puň dia­met­ri 13 metr tö­we­re­gi bo­lup, ag­ra­my takmynan 960 ki­log­ra­ma ba­ra­bar.
1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen fut­bol bo­ýun­ça il­kin­ji Dün­ýä Ku­bo­gynyň duşuşyklarynda «T-mo­del» atly bag­jyk­ly top­lar ulanylýar.