Alty ýyldan bäri diňe Gün energiýasy bilen işläp biljek elektroulagy işläp taýýarlaýan “Lightyear” kompaniýasy köpçülikleýin önümçilige başlady. Finlýandiýanyň Uusikapunki şäherindäki zawodda häzirlikçe hepdede bir “Lightyear 0” ulagy öndüriler. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginden başlap, önümçilik tapgyrlaýyn artdyrylyp, hepdede bäş ulag öndüriler. Kompaniýanyň habar bermegine görä, ulagyň daşy 5 inedördül metr panel bilen örtülen. Bu paneller güneşli ýerlerde 7 aýa çenli hiç hili zarýad bermesiz sürmäge mümkinçilik berer. Ulagyň soňky dizaýny şu ýylyň iýunynda tanyşdyrylypdy. Batareýasynyň kuwwaty 60 kW/sagat bolan ulag bir gezekki zarýady bilen 625 kilometr ýol geçip bilýär. Günden alynýan energiýa bolsa, her gün goşmaça 70 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu ulag köp adam üçin iş-öý aralygynda sürlende Günden alýan energiýasy bilen “oňup bilýär”. Ulagyň bahasynyň 250 müň ýewrodygy mälim edildi. Niderland kompaniýasy “Lightyear 2” atly ýene bir modeli işläp taýýarlaýar. Bu ulagyň häzirkiden has arzan – 30 müň ýewro boljakdygy habar berildi. Bu görkezijiniň “Tesla”-nyň iň arzan modelinden birneme arzandygyny bellemek gerek.
Amangeldi Döwletow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.