Hü­när­men­ler elekt­rik ener­gi­ýa­sy aras­sa çeş­me­ler­den ön­dür­mek üçin dür­li açyş­la­ry ed­ýär­ler. “Ae­ro­mi­ne” at­ly şe­re­ket he­re­ket­siz ýel ener­gi­ýa be­ke­di­niň nus­ga­sy­ny taý­ýar­la­ýar. Be­ke­diň az bö­le­gi he­re­ket ed­ýän­li­gi uzak ýyl­lap bo­zul­man iş­le­ýär jem-de teh­ni­ki ide­gi has az ta­lat ed­ýär. Bu en­jam­da ho­wa­lan­dy­ry­jy per­ler ýa­ly aý­lan­ýan per bar. Öwüs­ýän ýel iki ga­na­tyň ara­syn­dan gy­sy­lyp ge­çi­ril­ýär we bu per­le­ri aý­la­ýar. Ýel ga­nat­la­ryň ara­syn­dan ge­çe­nin­de tiz­li­gi art­ýar. Şeý­le­lik­de per­ler­de has çalt aý­la­nyň ge­ne­ra­tor­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Her bir tur­bi­na­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi 5 kW bo­lup, be­ýik­li­gi bir gat ja­ýyň­ka ba­ra­bar. Be­ke­diň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň Gün pa­ne­li­niň­ki­den has ýo­ka­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär. Uly bol­ma­dyk be­ket Gün pa­nel­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da gi­je­si­ne hem iş­le­ýär. Be­ke­diň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly önüm­çi­li­gi­niň baş­la­jak wag­ty mä­lim edil­me­di.

Aziz­bek Ab­dyl­la­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by