Norwegiýanyň hökümeti syýahatçylara we syýahatçylyk bilen bagly kärhanalara salgyt girizmegi meýilleşdirýär. Ýewropanyň demirgazygyndaky bu ýurda her ýyl 10 milliona töweregi daşary ýurtly myhman fiord kenarlaryny (gury ýere uzap giden, kenary gaýaly, insiz deňiz aýlagy), tebigy ýöriş ýodalaryny, Demirgazyk yşyklaryny görmek üçin barýar. Syýahatçylar üçin giriziljek salgydyň 2024-nji ýylda güýje girizilmegine garaşylýar. Bu baradaky ilkinji teklibiň geljek ýylyň güýz paslynda hödürlenjek 2024-nji ýylyň  býujedinde görkezilmegine garaşylýar.