2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaruny geçirmek babatda karar kabul edildi. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda bu halkara ähmiýetli ýaryşyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Sebitde iň iri Olimpiýa şäherjigi bolan bu desga 157 gektar meýdanda ýerleşýär.
Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar we onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 miliard dollaryna barabardyr. Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Şeýlelelikde 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň Ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziya oyunlarynyň Gurmaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi.
Aşgabat şäherinde geçiriljek bu oýunlara birinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy barada degişli resminama gol çekmek dabarasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Sport meýilnamasyna ozal ylalaşylan 19 sany görnüşine goşmaça Türkmen milli göreşi bilen Atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek görnüşini (Konkur) goşmagy teklip etdi. Bu teklip Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan makullanyldy we tassyklanyldy.
Türkmenistan üçin bu halkara sport ýaryşy örän uly ähmiýete eýedir. Birinjide, şeýle halkara ýaryşlar Türkmenistanyň hem sebitde hem-de dünýäde abraýyny has-da artdyrýar. Esasan hem, şeýle ýaryşlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegi has-da möhümdir. Sebäbi, bu sport çäreleriniň açylyş hem-de ýapylyş dabaralarynyň oňat geçirilmegi uzak ýyllaryň dowamynda ähli adamlaryň, galyberse-de dünýä metbugatynyň sahypalarynda öz ornuny saklar.
Bu çäre Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýän esasy faktorlaryň biri parahatçylygy we agzybirligi pugtalandyrjak, şeýle-de diňe bir türgenleriň arasyndaky ýaryş bolmak bilen çäklenmän, eýsem ylalaşdyryjylygyň we agzybirligiň guralydyr.
Aziýa yklymynda Orta Aziýa döwletleriniň hem halkara derejesindäki ýaryşlary gurnamak babatda ýeterli tejribe toplandygyny subut etmek üçin 2017-nji ýyldaky Aziada örän möhümdir. Bu ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi soňky ýyllarda Aziýa yklymyndaky beýleki ýokary derejedäki sport bäsleşiklerini-de guramaga şert döreder. Türkmenistanyň ilkinji bolup Aziýa yklymynda şeýle ýaryşy gurnamagy onuň sebit ýurtlaryň arasyndaky abraýyny has-da belende galdyrar, Mundan başga-da, sport ýaryşlary syýahatçylyk hem-de maýa goýum pudaklaryny hem höweslendirer. Ýaryşlary tomaşa etmek üçin dünyäniň ençeme ýurdundan jahankeşdeler geler. Ýurduň hyzmat pudagynyň ösüşini çaltlandyrar. Dünýäniň maýadarlarynyň hem ünsüni çeker. Olarda Türkmenistanda halk hojalygynyň düli pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny özleşdirmäge gyzyklanma döreder.