Germaniýa işçi güýjüniň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen Ýewropa Bileleşigine agza bolmadyk ýurtlardan ýylda 400 müň işçi almagy meýilleşdirýär. Işçi güýjüne zerurlyk duýulýan pudaklaryň arasynda myhmanhanalar öňdeligi eýeleýär. Ýurduň iş we işçi tapmak edarasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 2035-nji ýyla çenli ýedi million işçi ýetmezçiligi ýüze çykar. Häzirki wagtda bu görkezijiniň iki million töweregidigi mälim edildi. Işçi kabul edilende esasy üç ölçeg göz öňünde tutular – ökde hünärmen, haýsydyr bir okuw talap etmeýän iş tejribesi bolan hünärmen we işlemäge isleg bildirýän, geljekde hünärini kämilleşdirip biljek ukyby bolan tejribesiz işgärler.