Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ita­li­ýa­nyň ila­ty 59 mil­li­on­dan aşak düş­di. Ýur­duň Mil­li sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň (Is­tat) ama­la aşy­ran ilat ýa­zu­wy ta­mam­lan­dy. Ilat ýa­zu­wy­nyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, ýur­duň ila­ty­nyň beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan has çalt gar­ra­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Gi­an­kar­lo Blan­gi­ar­do mej­lis­de eden çy­ky­şyn­da des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da ýur­duň (he­mi­şe­lik) ila­ty­nyň 58 mil­li­on 983 mü­ňe dü­şen­di­gi­ni aýt­dy. De­mog­ra­fi­ýa bo­ýun­ça bi­ler­men bo­lan Blan­gi­ar­do ila­tyň 2014-nji ýyl­dan bä­ri azal­ýan­dy­gy­ny, şol se­ne­den bä­ri 1,36 mil­li­on­dan gow­rak aza­ly­şyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny bel­le­di. Blan­gi­ar­do: Ýur­du­my­zyň de­mog­ra­fik ýag­da­ýy ýa­şa­ýyş-dur­muş ta­lap­la­ry­nyň gör­ne­tin art­ma­gy we dog­rum muk­da­ryn­da­ky dü­şüş bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär, bu bol­sa, Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýer­le­ri­ne ga­ra­nyň­da has çalt gar­ra­ma­ga se­bäp bol­ýar – di­ýip bel­le­di.
Ýur­duň tä­ze sag­çy hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­sy Jor­ja Me­lo­ni ça­ga­ly maş­ga­la­la­ry gol­da­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Hö­kü­met 2023-nji ýy­lyň býu­je­tin­de bä­bek­ler üçin ni­ýet­le­nen har­ty­la­ryň sal­gy­dy­ny azalt­ma­gy we ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra be­ril­ýän kö­mek­le­ri art­dyr­ma­gy tek­lip ed­ýär.