Katar 2022-de 1/8 final duşuşygynda Ýaponiýa bilen Horwatiýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrynda (43) ýaponlar Daizen Maedanyň goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Oýnuň 55-nji minutynda-da Iwan Perişiç hasaby deňledi. Bu onuň Dünýä Kubogyndaky 6-njy goly bolup, ol Dawor Şuker bilen deňleşdi. Galyberse-de, uly ýaryşlardaky 10-njy goluny geçiren Perişiç bu ugurda Şukerden öňe saýlandy. Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça berlen 30 minutda-da hasap üýtgemedi. Netijede, ýeňiji penalti urgulary kesgitlemeli edildi. Bu çempionatda ilkinji gezek bir duşuşygyň ýeňijisini penalti urgulary kesgitläp, Ýaponiýadan Minamino we Mitomanyň urgularyny derwezeçi Liwakowiç saklamagy başardy. Horwatlar bolsa Wlaşiç hem-de Brozowiçiň takyk urgulary bilen 2-0 öňe saýlandy. 3-nji urgularda ýaponiýaly Asanonyň urgusy derwezä girdi. Munuň tersine horwatlardan Liwaýanyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. 4-nji urgularda-da ýaponlaryň kapitany Ýoşidanyň urgusyny ýene-de derwezeçi saklady. Paşaliçiň urgusy dürs boldy we 3-1 öňe saýlanan Horwatiýa edil Russiýa 2018-däki ýaly ýene-de penaltileriň netijesinde çärýek finala adyny ýazdyrdy. 3-nji gezek çärýek finala çykan Horwatiýanyň derwezeçisi Liwakowiç portugaliýaly Rikardo (2006) hem-de watandaşy Daniel Subaşiçden (2018) soň 3 penalti saklan 3-nji derwezeçi boldy.
Toparçada Dünýäniň 2 çempionyny, 4 kubogyň eýesi Germaniýany, soňra 1 gezek çempion bolan Ispaniýany 2-1 hasaplar bilen ýeňen Ýaponiýa wise-çempion Horwatiýadan üstün çykmak başartmady. Taryhynda bassyr 2-nji, umumylykda-da 4-nji gezek 1/8 finala çykan Ýaponiýa ýene bir ýola çärýek finalyň bosagasyndan gaýtdy.