OPEK+ ministrleri nebit çykarmagyň häzirki çäklendirmesini saklap galmak barada karar kabul etdiler. Bu barada bileleşigiň metbugat beýanatynda bellenilýär.
OPEK+ ministrleriniň gözegçilik toparynyň indiki maslahatyny 1-nji fewralda geçirmek barada karar kabul edildi. OPEK-iň nobatdaky maslahaty öňümizdäki ýylyň 3-nji iýunynda bolar, OPEK+ ministrleriniň doly formatdaky duşuşygyny bolsa 4-nji iýunda geçirmek meýilleşdirilýär.
Beýanata görä, nebit çykarmak boýunça noýabr aýyndan başlap girizilen çäklendirmeleriň günde 2 million barrele çenli azaldylmagy barada şu ýylyň 5-nji noýabrynda kabul edilen karar “bazaryň gatnaşyjylary tarapyndan retrospektiw zerur diýip ykrar edildi we dünýäniň nebit bazarlaryny durnuklaşdyrmak boýunça hereketleriň dogry ugry diýip hasaplandy”.