Geljek bäş ýylyň dowamynda Günden alynýan energiýanyň kömürden alynýan energiýadan köp bolmagyna garaşylýar. Halkara Energiýa Agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmeler iň uly energiýa çeşmesi bolar. Agentligiň başlygy Fatih Birolyň sözlerine görä, häzirki wagtda ösen ykdysadyýetleriň arasynda senagat pudagynyň mundan soňky tapgyry üçin güýçli bäsdeşlik bar. Muňa Gün, ýel energiýasy we elektroulag önümçiligi hem degişli. Taýýarlanan maglumatda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçilik kuwwaty 5 ýylyň dowamynda Hytaýyň häzirki energiýa önümçiligine deň bolan 2 müň 400 gigawat artdyrylar. Birolyň sözlerine görä, Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa önümçiliginde öňdeligi eýelemegini dowam etdirýär.
Maglumatlara görä, arassa energiýa çeşmeleri soňky 20 ýylda görnetin ösüş gazanypdyr. Geljek bäş ýylda bu ösüşiň depgininiň has köp artmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda gazaylyp alynýan ýangyç çeşmelerine her ýylda 1 trillion dollar maýa goýum goýulýan bolsa, gaýtadan dikeldilýän çeşmelere 1,5 trillion dollar maýa gönükdirilýär.