Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len “Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 – 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da” se­bi­tiň döw­let­le­ri bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek we öza­ra yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy sak­la­ma­gyň we pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­syn­da goň­şy Ow­ga­nys­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Go­laý­da Ow­ga­nys­tan bi­len iki­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 25 ýyl dol­dy.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ow­gan hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan di­kel­dil­me­gi­ne we dur­nuk­ly ösü­şi­ne iş ýü­zün­de kö­mek ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer usul­la­ry ulan­mak ar­ka­ly bu ýurt­da­ky ýe­ňil bol­ma­dyk ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Şol usul­lar bol­sa, uzak­möh­let­li gel­je­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu iş­de BMG-niň öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin se­bit mer­ke­zi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2007-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da açyl­dy.
Pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de ab­ra­ýy bar­ha art­ýan Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň öz döw­rün­de Ow­ga­nys­ta­nyň için­dä­ki gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çöz­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş eden­di­gi­ni hem-de özü­niň paý­tag­ty­ny ow­ga­na­ra gep­le­şik­le­ri­niň bir­nä­çe tap­gy­ry­nyň ge­çi­ril­jek ýe­ri hök­mün­de hö­dür­län­di­gi­ni ýat­lat­ma­ly­dy­rys. Şu ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz dost­luk­ly döw­le­te dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de ýur­dy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de uly kö­mek be­rip gel­di we bu asyl­ly işi do­wam etdirýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň ýe­ňil­lik­li ba­ha­dan ibe­ril­me­gi, öz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, hu­su­san-da, luk­man­çy­lyk we bi­lim ugur­ly des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy, ýaş­la­ryň Türk­me­nis­ta­nyň okuw mek­dep­le­rin­de oka­ma­gy bo­ýun­ça ýar­dam be­ril­me­gi hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň ila­ty­na yzy­gi­der­li esas­da yn­san­per­wer­lik ýük­le­ri­niň ug­ra­dyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­da­ýy çalt ka­da­laş­dyr­mak üçin tä­ze sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da bu ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­kelt­mek bo­ýun­ça uzak­ möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak tek­li­bi bi­len çy­kyş et­di hem-de özü­niň sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gi­ni ze­rur bo­lan gep­le­şik­ler üçin ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Türk­me­nis­tan soň­ky on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da uly sy­nag­la­ry baş­dan ge­çi­ren do­gan­lyk ow­gan hal­ky­na onuň pa­ra­hat­çy­ly­ga, ag­zy­bir­li­ge hem-de yla­la­şyk­ly­ly­ga ym­tyl­ma­syn­da raý­daş­lyk bil­di­rip, goň­şy ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan di­kel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk ädim­le­ri äd­ýär, bu ýur­duň se­bit we hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne ne­ti­je­li go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam ber­mek ug­run­da çy­kyş edip, ener­ge­ti­ka we ulag ul­gam­la­ryn­da Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni we dü­zü­mi­ni gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit äh­mi­ýet­li giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar.
Türk­men ta­ra­py­nyň Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni hem-de Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­ny gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy­ny ola­ryň iň mö­hüm­le­ri­niň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar.
Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan ug­ry bo­ýun­ça tä­ze tur­ba ge­çi­ri­ji­niň gur­lu­şy­gy­na 2015-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Ga­raş­syz hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň Gü­nor­ta Azi­ýa­nyň iri ýurt­la­ry­na uzak­möh­let­li ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge ýar­dam et­jek bu iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň hä­zir­ki za­man ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge anyk go­şan­dy bol­mak bi­len, tas­la­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer, ile­ri tu­tul­ýan dur­muş me­se­le­le­ri­ni, hu­su­san-da, Ow­ga­nys­tan­da tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ýar­dam be­rer.
Ägirt uly kuw­wa­ta eýe bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da hem hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ugur­da­ky tas­la­ma­lar­da ýur­du­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri goň­şy döw­let­le­riň we tu­tuş Azi­ýa se­bi­ti­niň ösü­şi­niň ta­lap­la­ry bi­len saz­laş­ýar. Gür­rüň Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji tap­gy­ry – Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na tä­ze de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy ba­ra­da bar­ýar. Bu de­mir ýol 2016-njy ýy­lyň 28-nji no­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni­niň gat­naş­ma­gyn­da ulan­ma­ga be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, se­bit we äh­lu­mu­my go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len bu giň möç­ber­li tas­la­ma­dan hem uly dur­muş-yk­dy­sa­dy ne­ti­jä ga­ra­şyl­ýar – gel­jek­de Azi­ýa­nyň ulag ge­çel­ge­si Hy­ta­ýyň köp şa­ha­ly de­mir ýol ul­ga­my­na we onuň üs­ti bi­len çalt dep­gin­ler­de ös­ýän Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­ne çy­kar. Şeý­le­lik­de, po­lat ýol se­bit hem-de hal­ka­ra möç­be­rin­de ulag-üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­lip, bu tas­la­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň hä­zir­ki za­man hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam eder.
Ulan­ma­ga ber­len Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na de­mir ýo­lu­nyň umu­my uzyn­ly­gy 88 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr, onuň 85 ki­lo­met­ri Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den we 3 ki­lo­met­ri türk­men-ow­gan ser­he­di­niň her ta­ra­pyn­da ýer­le­şen Ymam­na­zar we Aki­na de­mir ýol men­zil­le­ri­niň ara­syn­dan geç­ýär.
Tä­ze po­lat ýo­luň Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän ýan­gyç se­riş­de­le­ri­niň, hu­su­san-da, ne­bit önüm­le­ri­niň we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň Ow­ga­nys­ta­na ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­gy na­za­ra al­mak bi­len, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi hem-de ow­gan yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­kel­dil­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi, dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge hem-de dost­luk­ly ýur­duň ila­ty­ny iş bi­len üp­jün et­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi şüb­he­siz­dir. Ow­ga­nys­ta­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän And­ho­ýa çen­li bu po­lat ýo­luň bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­nyň do­wa­my­ny türk­men ta­ra­py ama­la aşy­rar.
Mun­dan baş­ga-da, şu ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy ýe­ňil­lik­li şert­ler­de Ow­ga­nys­ta­nyň de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri­ne ibe­ril­ýär. Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze kuw­wat­ly ener­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy bi­len, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ow­gan ug­ry bo­ýun­ça ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri has-da art­dy­ry­lar.
2015-nji ýy­lyň maý aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ýurt­la­ry bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Mo­ham­mad Şa­ker Kar­ga­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ener­ge­ti­ka we suw se­riş­de­le­ri mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da du­şu­şy­gyň Tes­wir­na­ma­sy­na gol çe­kil­di. On­da 2018 – 2027-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­dan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny iber­mek hem-de şol dö­wür­de eks­port edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­ber­le­ri­ni dört es­se art­dyr­mak ha­kyn­da­ky çöz­güt bel­li­ge alyn­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ow­ga­nys­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän türk­men-ow­gan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri we dür­li de­re­je­de, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar mu­ňa ýar­dam et­di.
2015-nji ýy­lyň 21 – 22-nji ýan­wa­ryn­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni­niň Türk­me­nis­ta­na bo­lan il­kin­ji döw­let sa­pa­ry soň­ky ýyl­lar­da has iş­jeň­le­şen döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­me­giň ýo­lun­da örän mö­hüm ädim bol­dy. Şol ýy­lyň aw­gust aýyn­da bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na res­mi sa­pa­ry bol­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan mö­hüm iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­lar söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Söw­da-yk­dy­sa­dy we teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-ow­gan hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de bar bo­lan kuw­wat­dan we bi­le­lik­dä­ki işiň tej­ri­be­si­ni ne­ti­je­li ulan­mak üçin tä­ze ugur­la­ryň göz­le­nil­me­gi hem şu­ňa gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­men-ow­gan gat­na­şyk­la­ryn­da yn­san­per­wer­lik ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şol gat­na­şyk­lar ýyl­sa­ýyn tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Däp-des­sur­la­ryň, me­de­ni­ýe­tiň, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­lyk­la­ry bi­len bir­le­şen iki goň­şy hal­kyň gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Hut şo­ňa gö­rä-de, ta­rap­lar me­de­ni we ylym-bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny yzy­gi­der­li gi­ňelt­mek, sun­gat us­sat­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri­ni alyş­mak, türk­men hem-de ow­gan halk­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär­ler.