Söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.
Türkmenistanyň esasy işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy türkmen bazaryna gelen daşary ýurt kompaniýalarynyň ilkinjileriniň biridir.
Ol Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň serişde binýady bolup hyzmat edýär. Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaş alýan iri Ýewraziýa energetika magistralynyň 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilendigini bellemelidiris. Döwletara şertnamasyna laýyklykda, gaz geçirijiniň üsti bilen ýakyn wagtda HHR-e her ýylda türkmen tebigy gazynyň 65 milliard kub metri ugradylar.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdi. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinzo Abeniň Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen ylalaşyklaryň, şertnamalaryň we beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi, olarda ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak umumy bahasy bolan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “LG Intenasional Corp”, “Hyundai Engineering Co, Ltd” (Koreýa Respublikasy) we “Itoçu Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetiki suwuk ýangyjyň önümçiligi boýunça zawody gurmak hakynda şertnama, Daşoguz welaýatynda kreking etanly polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça zawody doly gurup tabşyrmak barada Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Hazaryň türkmen böleginiň umumy gorlary bilermenleriň çaklamalaryna görä, 18,2 milliard tonna şertli ýangyja barabardyr. Bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon oil” kompaniýasy işleýär. Malaýziýanyň “Petronas Charigali” kompaniýasy “Toplum-1” şertnamalaýyn çäge girýän Hazar känleriniň işlenip taýýarlanylmagyny alyp barýar.
2018-nji ýylda Balkan welaýatynda kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna barabar bolan karbamid öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Garabogaz şäherinde gurulýan bu iri desga “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap inşaat Ýatirim ve DişTicaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan gurulýar.
Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmäge halkara maliýe institutlary, şol sanda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky işjeň gatnaşýar. Muňa ýene bir mysal hökmünde geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň hökümetiniň Yslam ösüş banky bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karz serişde bölüp bermek baradaky Ylalaşygyny görkezmek bolar.
Umuman, bularyň hemmesi iri daşary ýurtly işewürler tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma hem-de isleg bildirilýändigini aýdyň subut edýär. Bu bolsa biziň ýurdumyza ynamly, durnukly we jogapkärçilikli, ýokary halkara abraýy hem-de uly ykdysady ösüş mümkinçilikleri bolan hyzmatdaş hökmünde ynam bildirilýändiginden habar berýär.