Ýewropa Bileleşigi, Fransiýa, Ispaniýa we Portugaliýa Iberiýa ýarym adasyndan Fransiýa H2Med suwasty wodorod gaz geçirijisini döretmek maksady bilen ýol kartasy barada ylalaşdylar. Şeýlelikde, alternatiw energiýa çeşmeleri ulanylyp, Ispaniýada we Portugaliýada öndürilen wodorod ýangyjy demirgazykdaky ýurtlara ugradylar. Bu barada 9-njy dekabrda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ispaniýanyň, Portugaliýanyň we Fransiýanyň ýolbaşçylary bilen Alikante (Ispaniýa) şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. Ol Ýewropa Komissiýasynyň bu taslamanyň Ýewropa Bileleşigi üçin umumy gyzyklanma döredýän taslama öwrülmegini goldaýandygyny aýtdy.
-3030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginde wodorod önümçiligini 10 million tonna ýetirmek we ýene 10 million tonna import etmek niýetimiz bar. Bu wodorod biziň senagatymyza ýetmeli we wodorody günbatardan gündogara daşamak boýunça strategiki koridorlar ulgamyny, şol sanda, Iberiýa koridoryny döretmek niýetimiz bar. Şonuň üçin Fransiýa, Ispaniýa we Portugaliýanyň arasynda H2Med taslamasy baradaky şertnamany goldaýaryn. Ýewropa Bileleşiginiň wodorod oňurgasyna öwrülmek mümkinçiligi bar, Iberiýa ýarym adasy Ýewropa Bileleşiginiň esasy energiýa merkezleriniň birine öwrülip biler we Ýewropa Bileleşigi bu üstünlikli waka gatnaşar – diýip, fon der Lýaýen belledi.
Wodorod ýangyjy adaty suwdan elektroliz arkaly öndürilýär we köp energiýa talap edýär. Ol Ýewropa Bileleşigi üçin aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi ýokary önümçilik we az sarp edilýän döwürde alternatiw generatorlardan (gün we ýel) öndürilýän artykmaç energiýany ulanmaga mümkinçilik berýär, şeýlelik bilen alternatiw energiýanyň esasy meseleleriniň biri çözülip – birsydyrgyn bolmadyk energiýa öndürilýär.
Wodorod ýokary ekologiýa taýdan arassa ýangyç hasaplanýar, sebäbi ýangynyň önümi suw bugydyr. Mundan öň Ýewropa Komissiýasy wodorod almak üçin Ýewropa Bileleşiginde bar bolan gaz geçirijilerini täzeden gurmak başlangyjy bilen çykyş edipdi, ýöne bu taslamalar howpsuz işlemegi üpjün etmek üçin ägirt uly maýa goýumlaryny talap edýär.