Şu gün – 10-njy dekabrda Stokgolmda we Osloda Nobel baýraklaryny gowşurylyş dabaralary geçirilip, baýrak alanlar we myhmanlar üçin banket hem guraldy.

Şwesiýanyň Koroly Karl XVI Gustaw Stokgolm filarmoniýasynda 2022-nji ýylyň 11 sany Nobel baýragynyň eýelerine hormatly diplomlar we altyn medallar gowşurdy. Alfred Nobeliň wesýetnamasyna laýyklykda, Parahatçylyk baýragy Osloda Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy tarapyndan gowşuryldy. Dabara Norwegiýanyň hökümet agzalarynyň we Korol maşgalasynyň gatnaşmagynda şäher häkimliginde geçirildi.

Nobel gazanasy Nobel hepdeligine şu ýylyň ýeňijileri bilen bir hatarda 2020-nji hem-de 2021-nji ýylyň laureatlaryny hem çagyrdy. Geçen iki ýylyň dowamynda Nobel baýragyna mynasyp bolanlar bu baýragy ýaşaýan ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasynda alypdylar. Baýrak gowşurylyş dabarasy, däp boýunça, 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda aradan çykan Alfred Nobeliň hatyrasyna geçirilýär.