Oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “New Holland” kompaniýasy “T4 Electric Power” atly elektrik energiýasy bilen işleýän awtonom hereket edýän traktoryny tanyşdyrdy. Şeýle hem kompaniýa suwuklandyrylan gaz bilen işleýän “T7 Methane Power LNG” atly ýene bir traktory işläp taýýarlady. Birinji agzalýan tehnikanyň daşky dizaýn babatda adaty traktorlardan tapawudy ýok. Birnäçe kamera we sensor bilen üpjün edilen tehnika awtonom ýagdaýda hereket hereket edip bilýär. Öňünden çykýan päsgelçilige urman saklanyp ýa-da onuň daşyndan aýlanyp bilýän traktory smartfonlar arkaly uzakdan dolandyryp bolýar. Traktorda kuwwaty 120 at güýjüne barabar elektrik energiýasy bilen işleýän motor oturdylypdyr. Tizligi sagatda 40 kilometre çenli bolan “T4 Electric Power”-y başga zada elektrik energiýasyny bermek üçin hem peýdalanyp bolýar. Ýagny, açyk meýdanda elektrik energiýasy bilen işleýän haýsydyr bir elektrik energiýasyny işleýän enjamy peýdalanyp bolýar. Traktoryň batareýasyna bolsa, 1 sagatda zarýad berip bolýandygy mälim edildi.
“T7 Methane Power LNG” atly gaz bilen işleýän traktoryň bolsa bu ugurda dünýäde ilkinjidigi mälim edildi. Howany hapalamaýan traktoryň nusgalykdygy mälim edilip, önümçiligine başlanjak wagty barada habar berilmedi.
Medine Nurgeldiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby