11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda döwletara gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.
Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň möçberli işlerinde üstünlik arzuw etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde ykrar edilendigini belläp, myhman döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Ony Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Kubanyçbek Ömüraliýewe alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu guramanyň türki dünýäniň döwletleriniň arasynda baglanyşdyryjy gural hökmünde hereket etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň dostlukly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen ykrar edilen we tassyklanan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostluk we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini aýtdy. Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara hem-de sebitara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm üns berilýär. Türkmenistan bu guramada synçy döwlet hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny yzygiderli beýan edýär.
Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk we söwda ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de tagallalary utgaşdyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň gerimini giňeltmek, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky däp bolan ynanyşmak hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.