11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 27 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady.
Igor Bukato häzirki döwürde amala aşyrylýan we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi beren özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belläp, Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň giň möçberli düzümleýin taslamalary ýerine ýetirmäge bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň innowasion işläp taýýarlamalary hem-de önümçilige täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi. “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn tejribe toplanandygyny we soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan ýol-ulag düzüminiň birnäçe iri desgalarynyň potratçysy bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bildirilen ýokary ynam we bu inženerçilik-tehniki desganyň gurluşygyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Igor Bukato ýolbaşçylyk edýän holdinginiň öz borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür hormatly Prezidentimize düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça kompaniýa ynanylan taslamalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täzeçil ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Häzirki döwürde Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi we ähli işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap bolup durýar.
Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilen ýeri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, işewür “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ynamy ödemek we öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.