Ek­wa­do­ryň Gua­ýa­kil şä­he­rin­den Ni­der­land­la­ryň Ams­ter­dam şä­he­ri­niň üs­ti bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­he­ri­ne bar­ýan ýo­lag­çy uça­ryn­da bir ze­nan og­lan bä­be­ji­gi dün­ýä in­der­di. KLM awia­kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li uça­ryň Ta­ma­ra at­ly ýo­lag­ça­sy­na şol uçar­da bar­ýan awst­ri­ýa­ly iki luk­man we bir şe­pa­gat uýa­sy­nyň kö­mek eden­di­gi mä­lim edil­di. Ams­ter­da­ma gon­maz­dan az sa­lym ozal bä­be­gi­ni eli­ne alan ze­nan ýo­lag­çy uçar go­nan­dan soň­ra has­sa­ha­na äki­dil­di. Bä­be­gi awst­ri­ýa­ly luk­man­lar­dan bi­ri bo­lan Mak­si­mi­lia­no­nyň ady da­kyl­dy. Has­sa­ha­na­nyň we­kil­le­ri Ta­ma­ra­nyň we bä­be­gi­niň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň go­wu­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Be­ýa­nat­da Ta­ma­ra­nyň we og­lu­nyň ge­rek­li res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi, gys­ga wagt­dan Is­pa­ni­ýa uçup bil­jek­dik­le­ri aýan edil­di.
Bä­be­giň uçar­da dün­ýä in­me­gi köp bol­ma­sa-da, duş gel­ýän wa­ka. Se­bä­bi, awia­si­ýa­nyň ka­da­la­ry­na gö­rä, göw­re­li­li­giň 36-njy hep­de­si­ne çen­li ze­nan­la­ryň ho­wa gä­mi­le­ri­ne mün­mek­le­ri­ne rug­sat be­ril­ýär. Kä­bir awia­kom­pa­ni­ýa­lar göw­re­li­li­giň 28-nji hep­de­sin­den soň­ra sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­syn­da ho­wa gä­mi­si ar­ka­ly sy­ýa­hat edip bil­jek­di­gi ba­ra­da ke­pil­na­ma ta­lap ed­ýär.