11-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezinde Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýyllyk duşuşygy geçirildi. 12-nji duşuşyk Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde guraldy.
Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýbek Moldogaziýew, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Huseýnzoda, Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Gaýrat Fazilow, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Didar Temenow we BMG-niň käbir düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.
Ýyllyk ýygnagyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmak, şeýle hem BMG-niň sebit merkezi bilen sebit hökümetleriniň arasynda öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.