Prezident Jozef Baýden “ABŞ-da Afrika liderleriniň sammitine” gelen liderleri Waşingtonda kabul eder. Bu barada 13-nji dekabrda “Middle East Star” neşiri habar berdi.
Taraplaryň üns berjek ileri tutulýan ugurlary, esasan, Afrika Bileleşiginiň G20-de wekilçilik etmegi, Afrika ýurtlarynyň halkara guramalaryna has köp agzalygy, demokratiýany ösdürmek, ykdysadyýeti güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş, saglygy goraýyşy gowulandyrmak we howpsuzlygy ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Ilkinji gezek şeýle sammit 2014-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda geçirilipdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habaryna görä, bu sammitiň dowamynda Waşington we Afrika ýurtlary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmäge, demokratiýany we adam hukuklaryny pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini berkitmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, saglygy goraýyşy gowulandyrmaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge, bilime ýardam bermäge we ýaşlar syýasatyny wagyz etmäge üns gönükdiriler.
Häzirki sammitden käbir anyk netijelere garaşylýar. ABŞ Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasyna bäsdeş hökmünde Afrikadaky “infrastruktura kartasyny” öňe sürmegini dowam etdirýär. Çünki Pekin Afrika yklymynda öz taslamalaryny işjeň ýagdaýda alyp barýar.