“Halo Space” kompaniýasy stratosferanyň 37 kilometr aşagyna çenli barýan ballonly syýahaty amala aşyrar. Golaýda kompaniýa ilkinji synagyny şowly amala aşyrdy. Ispan kompaniýasynyň adamsyz kosmos uçary 4 sagat 10 minut uçandan soňra bellenen ýere sag-ama goýdy. Kompaniýa 2029-njy ýyldan başlap, çişirilen ballonly howa gämileri bilen syýahaty ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kosmos gämisiniň howany hapalamaýandygy mälim edildi. Kompaniýa her ýylda 400 gatnawy amala aşyryp, 3 müň ýolagçyny kosmosa äkider.

Kosmos gämisi orbitanyň daşyna çykmaýan hem bolsa, onuň çykýan belentligi ýolagçylaryna Ýeriň ähli ýerini görmäge mümkinçilik berer. Bu syýahatyň bahasynyň 200 müň dollar bolmagyna garaşylýar.

Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy