Ertir 17-nji dekabrda Niderlandlarda öz işine başlajak buz heýkelleriň şüweleňine dünýäniň iň ussat heýkeltaraşlary toplandy. Bu ýylky çäre “Neneňsi täsin dünýä” ady bilen geçirilýär. Heýkeltaraşlar buzdan haýwanlaryň, şeýle-de Gadymy Müsürden başlap, biziň günlerimize çenli saklanyp galan iň naýbaşy sungat eserleriniň nusgalaryny şekillendirýärler. Buzdan ýasalan heýkelleriň arasynda Jokondanyň we äpet hytaý aždarhalarynyň heýkelleri hem göze ilýär. Heýkeltaraşlaryň biri astronawt Lui Armstrongyň heýkelini ýasapdyr. Heýkelleri ýasamak üçin köp mukdarda buz gerek bolýar, şonuň üçin iki hepde dowam edýän taýýarlyk işlerinde heýkeltaraşlar 275 tonna buz we şonça mukdarda hem gar sarp etdiler.
-Buz adaty materiallardan tapawutlanýar, sebäbi ol uzak durman eremek bilen bolýar. Emma onuň üýtgeşik gözelligi bolup, kä halatlarda heýkeliň içini-de görüp bolýar. Elbetde, işiň barşy adatça, ýyly şertlerde işlemekden tapawutlanýar. Şonuň üçin bu iş juda gyzykly – diýip, heýkeltaraş Sanita Rawina gürrüň berýär.
Bu şüweleň 5-nji marta çenli dowam eder. Buz heýkelleriň eremezligi üçin sergide 14 gradus derejedäki sowuk howa saklanýar.