Alymlar ýüzlerçe zarýad aýlawlaryndan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän elektrik awtoulaglary üçin täze nesil batareýasyny öndürmegiň usulyny tapdylar. Awstraliýadaky Täze Günorta Uels uniwersitetiniň (UNSW) we Ýaponiýanyň Ýokohama milli uniwersitetiniň halkara gözleg topary bu oýlap tapyşyň bar bolan batareýa tehnologiýalaryna diýseň ýokary we amatly alternatiwa bolup biljekdigini öňe sürýärler.
Gözlegçiler çydamly gaty batareýalarda ulanyp boljak “görlüp-eşidilmedik durnuklylyk” bilen oňyn elektrod materialynyň täze görnüşini barlap gördüler.
Häzirki wagtda smartfonlardan başlap, elektrikli awtoulaglara çenli sarp ediş elektronikasynyň köp bölegini kuwwatlandyrmak üçin ulanylýan litiý-ion batareýalaryň belli bir ulanyş möhleti bar. Bu gaty batareýalar belli bir gezek zarýad berlenden soňra ilkibaşdaky güýjüni ýitirip başlaýar. UNSW-iň dosenti Neeraj Şarma täze taýýarlanan batareýanyň 400 siklden köp gezek ulanylandan soňra hem güýjüni ýtirmändigini belleýär. Bu açyş elektroulaglaryň iň agyr we gymmat bölekleriniň biri bolan batareýalaryň has uzak wagt ulanylmagyna mümkinçilik berip, bu ulaglaryň bahasynyň arzanlamagyna getirer.
BMW-niň inženerleri gaty awtoulag batareýalaryny elektroulaglar üçin “indiki uly ädim” boljakdygyny belleýärler.
Maksat TAGANOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
PDF









