Gyrgyzystandan Eýrana, Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýän ýükler Türkmenistanyň üstünden geçer. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň arasynda geçirilen gepleşiklerde aýdyldy. «Trendiň» gyrgyz döwletiniň degişli ministrligine salgylanyp habar berşi ýaly, duşuşykda taraplar üstaşyr ýük we ulag geçelgeleriniň işini mundan beýläk hem ösdürmek, täze logistika zynjyrlaryny döretmek ýaly meýilleriniň bardygyny mälim etdiler.

Çeşme ýakyn geljekde Gyrgyzystanyň ýükleriniň Türkmenistan ― Özbegistan serhedine getirilip, bu ýerden hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuna äkidiljekdigi barada ýazýar.