Sankt–Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty bolar
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna estafetany 2022-nji ýylda şu derejä eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäheri geçirdi. Tanyşdyrylyş dabarasy Daşkentde GDA ýurtlarynyň 200-den gowrak wekilini bir ýere jemlän Arkalaşyga agza döwletleriň XV döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynda geçirildi.
-Indiki ýyl bütin GDA-nyň medeni paýtagty bolmak Russiýanyň medeni paýtagty hasaplanýan Demirgazyk Palmira üçin diýseň begençli waka. Piter ilkibaşdan açyk şäherdi – diýip, Sankt-Peterburgyň medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Stanislaw Moldowanow belledi.
Her ýyl Arkalaşygyň şäherleriniň biri GDA-nyň medeni paýtagty diýen hormatly derejä eýe bolýar. Nobatdaky paýtagty Arkalaşyga agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşi tassyklaýar. Maksatnama Agza döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň ýardam bermeginde amala aşyrylýar.
Ýatlap geçsek 2012-nji ýylda türkmen şäheri Mary , 2016-njy ýylda bolsa ýurduň demirgazyk sebitiniň merkezi Daşoguz GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan edilipdi.