Günorta-gündogar, Günorta Amerika, Afrika we Ýakyn gündogar ýurtlarynda peýdalanylýan üç tigirli taksileriň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi peýda boldy. Hytaýda öndürilen bu ulaglaryň üstüne Gün paneli oturdylypdyr. Keniýanyň port şäheri Mombasada satuwa çykarylan bu ulaglar ulaglaryň howa ýetirýän zyýanyny azaltmaga ýardam eder. Şeýle hem täze elektromotorlar az galmagally bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Üç tigirli ulaglar bir gezekki zarýady bilen 100 kilometr ýol geçip bilýär. Ulagyň ýokarsyna ýerleşdirilen Gün paneli Afrika şäherinde ulagyň sarp edýän energiýasynyň bir bölegini öndürmäge ýardam eder.
Mombasa şäherinde ýol hereketinde üç tigirli ýük we ýolagçy motorlary has köp ulanylýar. Emma adaty ýangyç bilen işleýän bu ulaglar howany hapalaýar. Şäherde adaty ýangyçly 10 müň sany şeýle ulagyň bardygy mälim edildi.