Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Rumyniýa, Gruziýa we Azerbaýjan döwletleriniň aralygynda Gara deňiz elektrik geçirijisiniň guruljakdygyny mälim etdi. Taslamanyň çäklerinde deňziň iki kenaryna energiýa we sanly aragatnaşyk arkaly birikdiriler. Gol çekilen şertnamanyň çäklerinde Gara deňziň aşagyna Azerbaýjany Gruziýa we Rumyniýanyň üsti bilen Wengriýa birikdirýän elektrik geçirijisi düşeler. Bu taslama Ýewropa ýurtlary üçin ýene bir energiýa çeşmesi bolup hyzmat eder. Şertnama götä, Azerbaýjan açyk deňizdäki ýel beketlerinden alan “ýaşyl” elektrik energiýasyny Gruziýanyň üsti bilen Gara deňziň aşagyndan geçirip Rumyniýa we Wengriýa eksport eder. Bu barada Rumyniýanyň paýtagty Buharestde bu dört ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşly hakynda şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Ursula fon der Lýaýen bu ylalaşygyň “ýaşyl” energiýa geçmäge ýardam etjekdigini mälim etdi.