Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan ABŞ-nyň Garward uniwersitetine Klaudin Gaý ýolbaşçy bolar. Häzirki wagtda dekan wezipesinde işleýän Gaý maşgalasy bilen has köp wagt geçirmek isleýändigi sebäpli işinden gidýän Laurens Bakouň ýerine geçer. Gaitiden göçüp gelen immigrantyň maşgalasynda dünýä inen Gaý bu ýokary okuw mekdebiniň ikinji zenan ýolbaşçysy bolar. Gaý 2006-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebine Afrika we afro-amerikan işleri boýunça professor bolup işe başlapdy. Alym şondan bäri dürli jemgyýetçilik we ykdysady temalarda dürli ylmy işleri amala aşyrdy.