Dünýäniň iň täsirli brendleri

119

“World Brand Lab” 2022-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň tä­sir­li 500 bren­di­niň sa­na­wy­ny ýaý­rat­dy. Sa­na­wyň öň­dä­ki orun­la­ry­ny ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry eýe­le­ýär. “World Brand Lab” bu sa­na­wy 19 ýyl­dan bä­ri taý­ýar­la­ýar. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, brend­le­riň glo­bal tä­si­ri, öň­de­ba­ry­jy­ly­gy, ba­zar nyr­hy ýa­ly öl­çe­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Sa­na­wyň bi­rin­ji orun­la­ry­ny “App­le”, “Micro­soft” we “Go­og­le” eýe­le­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da “To­ýo­ta”, “Mercedes” we “Tes­la” aw­tou­lag brend­le­ri hem il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun tap­dy. Bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Wal­mart”, dür­li içim­lik­le­ri ön­dür­ýän “Coca-Cola” hem sa­na­wyň öň­dä­ki bas­gan­çak­la­ry­na ýer­leş­di.
“Tes­la” ge­çen ýyl­ky sa­naw­da 72-nji bo­lan eken. Ge­çen ýy­lyň bi­rin­ji­si “Go­og­le” bo­lup­dy. Il­kin­ji on­lu­ga di­ňe iki kom­pa­ni­ýa – ýa­pon “Toyo­ta” we ne­mes “Mercedes-Benz” ABŞ-nyň da­şyn­da­ky brend­ler hök­mün­de gir­di.
Sa­na­wa gi­ren brend­le­ri dün­ýä­niň 33 ýur­du­na de­giş­li bo­lup, ola­ryň 198-i ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Ýurt­lar ha­sa­ba al­nan­da ABŞ-dan soň­ra Fran­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý we Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk de­giş­li­lik­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ar­zuw Aga­niya­zo­wa, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by