“Visa” kom­pa­ni­ýa­sy yk­lym­da dur­nuk­ly, in­no­wa­si­ýa we äh­li ug­ry öz içi­ne aly­jy yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýa­kyn bäş ýyl­da Af­ri­ka­da 1 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da “Visa”-nyň baş­ly­gy we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Alf­red F. Kel­li Wa­şing­ton­da ge­çi­ri­len ABŞ-Af­ri­ka işe­wür­lik fo­ru­myn­da ha­bar ber­di.
Ma­ýa go­ýum­la­ry tä­ze in­no­wa­si­ýa­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly tö­leg ul­ga­my­ny ber­kit­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy­ny gol­da­ma­ga we Af­ri­ka­da ba­şar­nyk­la­ry ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ze­hin­li ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mä­ge we müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­ler.
VISA kom­pa­ni­ýa­sy, Mü­sür­de, Ke­ni­ýa­da, Ma­rok­ko­da we Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ze­nan işe­wür­ler üçin ma­li­ýe­leş­di­riş, ýol­baş­çy­lyk we ara­gat­na­şyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni üp­jün ed­ýän “Visa She’s Next” glo­bal baş­lan­gy­jy­ny, şol san­da, ma­li­ýe hyz­mat­daş­la­ry ar­ka­ly ze­nan hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gol­da­mak üçin tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da VISA Af­ri­ka­da 500 mil­li­on ada­myň res­mi ma­li­ýe hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bil­me­jek­di­gi­ni, uly ýaş­ly ila­tyň 50 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­nyň Af­ri­ka­da san­ly tö­leg­le­ri ama­la aşy­ran­dy­gy­ny ýa-da alan­dy­gy­ny, 40 mil­li­on­dan gow­rak sa­ty­jy­nyň san­ly tö­leg­le­ri ka­bul et­me­ýän­di­gi­ni çak­la­ýar.