Soňky döwürde ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän ululy-kiçili görnüşleriniň sany artýar. Bu ulaglaryň batareýalary uly bolup, wagtyň geçmegi bilen ilkibaşdaky netijeliligini ýitirýär. Hatardan çykan batareýalaryň düzüminde bolsa, köp mukdarda himiki birleşme we metallar bar. ABŞ-nyň “Redwood Materials” kompaniýasy ýurduň Günorta Karolina ştatynda Çarleston şäheriniň golaýynda ulanyşdan galan elektroulag batareýalaryny çig mal hökmünde...