ABŞ-da geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şu wagta çenli tapylan guşlaryň içinde iň äpedi hasaplanýan pelagornis sanders atly guşuň galyndylary tapyldy. Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň ganatynyň uzynlygy 7 metre barabar bolupdyr. Çarlston halkara aeroportunyň töwereginde arheo–logik derňewler geçirilende tapylan bu äpet guş 25–28 million ýyl mundan öň ýaşapdyr.
Tapylan guşuň ganatynyň giňligi bilen tanalýan albatros guşundan hem, takmynan, iki esse uludygyny aýdan Demirgazyk Karolina ştatynyň muzeýiniň ylmy işgäri Dan Ksepiň tassyklamagyna görä, pelagornis sandersiň ganatynyň uzynlygy 160 adam sygyp biläýjek otagyň ululygyna barabardyr. Onuň häzire çenli dünýäniň iň uly guşy hasaplanýan argentawis magnifikensiden hem äpetdigi haýran galdyrýar.
Hünärmenler bu äpet guşuň ganatynyň uludygy sebäpli, planer ýaly gaýyp, gowy uçup bilendigi, emma aýaklarynyň gysgalygy üçin gury ýerde gowy hereket edip bilmändigini çaklaýarlar.
Dan Ksep we onuň egindeşleri pelagornisiň äpet ganatlary bilen nädip howa göterilýändigini anyklamak üçin kompýuter ulgamynda modelirleme taýýarladylar. Netijede, bu guşuň duran ýerinden uçman, beýikden pese ylgamak arkaly ýa-da güýçli şemalyň kömegi bilen howa göterilip biljekdigi baradaky netijä geldiler.
“Discovery News”-yň beren maglumatlaryna görä, pelagornis sanders deňiz jandarlary bilen iýmitlenip, deňziň ýüzündäki howa akymlarynyň kömegi bilen ganat kakman birnäçe sagatlap uçup bilipdir.
Hünärmenler ýene-de bu ugurdaky ylmy barlaglaryny dowam edip, dinozawrlardan soň, ýaşap geçen bu jandarlaryň nädip ýok bolandyklary barada maglumatlary ýüze çykarmak isleýärler. Guşlaryň geçmişi barada täze maglumatlary bilmäge ýardam etjek pelagornis sandersiň şol birwagtda täze howa ulaglarynyň taýýarlanmagyna hem-de kämilleşmegine ýardam berer diýip, umyt edilýär.
Suraý Annageldiýewa,
Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.