Fransiýanyň “AirNova” kompaniýasy dikligine uçup hem-de gonup bilýän kiçi göwrümli taksiler üçin giň meýilnamany taýýarlaýar. Kompaniýa häzirki wagtda Fransiýada köp maksatly uçýan ulaglar üçin uçuş-gonuş meýdançalaryny (wertiport) ulgamyny gurmak taslamasy üçin serişde toplamagy meýilleşdirýär.  Şu maksat bilen “AirNova” 3,2 million dollar ýygnamak kampaniýasyny yglan etdi. Şeýle mukdardaky pul serişdesiniň has köp möçberdäki maýany özüne çekýän desgalary gurmaga ýardam etjekdigi bellenilýär. Meýilnamanyň çäklerinde kiçi howa ulaglarynyň gonmagy, olara zarýad berilmegi we tehniki ideginiň edilmegi üçin howa meýdançalary peýda bolar. Bu howa meýdançalary diňe uçýan taksilere hyzmat etmän, eýsem, elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulaglaryna, kiçi göwrümli dronlara we lukmançylyk hem-de gyssagly kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge hem ýardam eder. “AirNova”, ilkinji nobatda, synag maksady bilen 10 wertiport gurar. Bu ýerden uçjak taksiler 10-30 km aralyga ýolagçy we ýük gatnadar. “AirNova”-nyň howa meýdançalary awtobus, metro we ýolagçy otlulary ýaly gatnaw infrastrukturasynyň merkezinde ýerleşer.

Toýmämmet Sähetmämmedow,  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby