Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi ýurda gelen daşary ýurtlular barada maglumat ýaýratdy. Geçen aý bu ýurda baran myhmanlaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 44,6 göterim ýokary bolup, 2,5 milliondan geçipdir. Bu görkeziji pandemiýadan ozalky, ýagny 2019-njy ýylyň noýabry bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim ýokary bolupdyr. Ýylyň 11 aýynda bolsa syýahatçylaryň sany 42 milliondan geçipdir. Noýabr aýynda iň köp syýahatçy Russiýa (12,25 göterim), Bolgariýa (9,12 göterim), Germaniýa (8,13 göterim) ýurtlaryndan gelipdir. Goňşy Eýran we Grizuýa hem degişlilikde ilkinji bäşlige giripdir.
Ýylyň başyndan bäri hasaplananda bolsa, ýurda iň köp syýahatçy Germaniýa (13 göterim), Russiýa (11,73 göterim), Angliýa (7,83 göterim) ýurtlaryndan gelipdir.
Ýurduň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary şu ýylyň dowamynda 51,5 million, geljek 60 million syýahatçynyň gelmegine garaşýarlar.