Türkmenistanly meşhur tälimçi Gurban Berdiýewiň Russiýanyň “Premýer Ligasyna” dolanandygy resmi ýagdaýda mälim edildi. Eýranyň “Traktor” toparyndaky tälimçilik wezipesini bir aý taşlan 70 ýaşyndaky hünärmeniň “Premýer Liganyň” “Soçi” kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşandygy habar berildi. Bu barada “Soçi” klubunyň prezidenti Boris Rottenberg: “Biz 1 aý öň ylalaşyk gazanypdyk” gürrüň berdi. “Soçi” topary Gurban Berdiýewiň tälim berjek 10-njy kluby bolar. Ol mundan öň karýerasy boýunça dürli döwürlerde “Himik”, “Gençlerbirligi”, “Kaýrat”, “Munaýşi” (“Kaspiý”), “Nissa”, “Kristall”, “Rubin”, “Rostow” hem-de “Traktor” toparlaryna tälim beripdi. Gurban Berdiýew soňky gezek Russiýanyň çempionatynda 2017-2019-njy ýyllar aralygynda “Rubine” tälim beripdi.

Gurban Berdiýewiň “Soçiniň” tälimçisi bolmagyndan soň russiýaly meşhur tälimçi Ýuriý Semin bu barada: Biziň çempionatymyza güýçli hünärmen, ökde tälimçi dolanyp geldi. Biziň futbolymyz hem-de Soçi üçin bu uly artykmaçlyk. Ýewropada Barselonany ýeňen Rubin biziň ýadymyzda, şeýle-de Rubiniň çempionlyklary biziň hakydamyzda. Men Gurban Berdiýewi gutlaýaryn. Diýseň dogry netijä gelipdir. Oňa üstünlik arzuw edýärin” diýip, “Lokomotiwiň” ozalky tälimçisi gürrüň berdi.

“Soçi” topary Russiýanyň çempionatynda 17-nji tapgyrdan soň 25 utuk bilen 9-njy orunda barýar.