“Sam­sung Electro­nics” kom­pa­ni­ýa­sy gel­jek ýyl­dan baş­lap çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Elekt­ron en­jam­la­ryň tas äh­li gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­tou­lag­lar üçin iň ze­rur kom­po­nent­le­riň bi­ri bo­lan çip­le­re bo­lan is­leg pan­de­mi­ýa döw­rün­de re­kord de­re­jä ýe­tip­di. Bi­ler­men­ler önüm­çi­li­giň art­ma­gy bi­len bu önü­me bo­lan is­le­giň azal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa ko­reý bren­di bu ugur­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny do­wam et­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa Phýeont­hek ken­tin­de­ki şä­he­rin­dä­ki za­wo­dyn­da­ky önüm­çi­lik müm­kin­çi­li­gi­ni gel­jek ýyl­dan baş­lap art­dy­rar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de ön­dü­ril­ýän 12 dýuým­lyk ýa­sy çip­le­riň önüm­çi­lik möç­be­ri kö­pel­di­ler. Şeý­le hem bu ýer­de 4 na­no­metr­lik tä­ze çip önüm­çi­lik des­ga­sy gur­lar.
Go­laý­da “Micron Techno­lo­gy Inc” at­ly baş­ga bir çip ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa bol­sa bu ug­ra gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýu­my­ny azalt­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa 2023-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da 7-7,5 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu kom­pa­ni­ýa çip önüm­çi­li­gi üçin 12 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rip­di.