Hytaýda üç ýyla golaý wagtdan soňra raýatlarynyň daşary ýurda çykmaklaryna rugsat berdi. Şeýlelikde, “Covid-19” pandemiýasy bilen bagly ähli çäklendirmeler ýatyrylar. Ýurduň Milli migrasiýa edarasy tarapyndan pandemiýa sebäpli togtadylan hytaý raýatlarynyň adaty pasport üçin ýüztutmalarynyň we tassyklaýyş prosesiniň 8-nji ýanwardan adaty tertipde ýola goýuljakdygy mälim edildi.
Şeýlelikde Hytaýyň raýatlary 3 ýyldan soňra maşgala ýagdaýy, iş we okuw bilen baglanyşykly päsgelçiliksiz bolmazdan daşary ýurtlara gidip bilerler. Şeýle hem Hytaýyň raýatlarynyň Gonkong ýörite dolandyryş sebitine syýahatçylyk we iş maksady bilen gidilmegine mümkinçilik dörediler.
Şeýle hem daşary ýurtlaryň adaty wiza, gysga möhletli giriş-çykyş wizasy, tranzit wizasy we wagtlaýyn ýaşamak üçin degişli ygtyýarnama üçin ýüztutmalarynyň kabul ediljekdigi mälim edildi.
26-njy dekabrda ýurduň Milli saglygy goraýyş geňeşi “Covid-19”-y 8-nji ýanwardan başlap, “A kategoriýaly ýokanç kesel” diýlip kabul edilmeginiň ýatyryljakdygyny mälim edipdi.
Täze düzgüniň güýje girmegi bilen daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar, bu syýahatyndan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanalaryndan ýa-da konsulluk edaralaryndan saglyk koduny almagy talap edilmez hem-de ýurda baran wagty položitel netijeli hem bolsa, karantinde saklanmaz.
Mundan başga-da awiasiýa kompaniýalarynyň Hytaýdan daşary ýurtlara hem-de daşary ýurtlarda Hytaýa amala aşyrjak saparlarynyň hepdede bir gezek diýlip bellenen çäklendirmesiniň hem ýatyryljakdygy habar berildi.