Hytaýyň «Baidu» tehnologiýa kompaniýasy köp wagtdan bäri awtomatlaşdyrylan sürüş tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýa Hytaýyň Uhan şäherinde sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Robin Li «Apollo Go» atly taksileriň 2025-nji ýyla çenli 65, 2030-njy ýyla çenli 100 şäherde ýola goýulmagyny meýilleşdirýändiklerini belleýär. Uhan şäherindäki taksiler irden 7-den, agşam 23-e çenli hyzmat eder. «Baidu»-nyň inženerleriniň işläp taýýarlan awtonom sürüş tehnologiýasy kameralar, radarlar we lidarlar bilen üpjün edilip, ygtybarly syýahaty amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan ozal sürüjisiz ulaglar şäherde 9-dan 17-ä çenli işleýärdi. Bu taksiler 10 milliondan gowrak ýaşaýjysy bolan şäheriň belli ýerlerinde hereket edip, bir million müşderi üçin elýeterli bolar. Şäherde 50 sany sürüjisiz taksi hyzmat edýär. Bu ulaglar diňe degişli howpsuzlyk enjamlary ýerleşdirilen ýollarda hereket edip bilýär. Uhanda şeýle ýollaryň jemi uzynlygy 400 kilometre ýetýär.
Bu şäherde «Apollo Go» taksileri arkaly şu ýylyň üçünji çärýeginde kabul edilen sargytlaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 311 göterim artyp, 474 müňden gowrak bolupdyr. Bütin ýurduň çäginde bolsa jemi 1,4 million sargydy ýerine ýetiripdir.
Hytaýyň senagat taýdan ösen şäherleriniň biri bolan Uhan ýurtda ulaglaryň sürüji bolmazdan özbaşdak hereket etmegine rugsat berilýän ilkinji şäherleriniň biridir.
Leýli Öwezgeldiýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwesitetiniň talyby.