Smartfon we beýleki mobil enjamlary öndürýän kompaniýalaryň arasynda köp ýyldan bäri girdeji babatda «Apple», önümçilik möçberi babatda «Samsung» öňdeligi eýeleýär. Ýylyň üçünji çärýeginde hem «Apple» ýokary girdejili bolmagynda galdy. Degişli döwürde smartfon bazaryndan alnan girdejiniň 42 göterimini «iPhone» telefonlary emele getiripdir. Degişli döwürde kompaniýanyň satan smartfonlarynyň umumy bahasy 40 milliard dollar töweregi bolupdyr. Bu smartfonyň täze, has gymmat nusgalarynyň satuwy ýokary girdejä täsir edipdir. Amerikan kompaniýasy köp ýyldan bäri diňe ýokary hilli smartfonlary öndürýär. Global bazarda smartfon satuwyndan alnan girdejiniň 18,5 göterimi «Samsung»-yň paýyna düşüpdir. Şeýlelikde, koreý brendi ozalky derejesini saklap galypdyr. Kompaniýanyň adaty telefon satuwy azalan hem bolsa, eplenýän ekranly telefon satuwynyň artmagy öňküsi ýaly girdeji almagyna getiripdir. Umumy girdejiniň 8,3 göterimini «Xiaomi» alypdyr. Beýleki hytaý brendleri bolan «Oppo» hem-de «Vivo» degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýeläpdir.
Bilermenler dünýäde üç aýyň dowamynda ýerlenen telefonlaryň umumy bahasynyň 96 milliard dollar töweregi bolandygyny belleýärler. Bu döwürde telefonlaryň ortaça bahasy 10 göterim töweregi artypdyr, emma satylan möçberi azalypdyr.
Täçnabat Gulberdiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.