Rus­si­ýa­nyň Tu­la şä­he­rin­de Lew Tols­to­ýyň maş­ga­la­sy­nyň şah­sy zat­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Ser­gi 2023-nji ýy­lyň 22-nji ýan­wa­ry­na çen­li Tu­la­da­ky “Ýas­na­ýa Pol­ýa­na” mu­zeý-mül­kün­de do­wam eder. Ser­gi ýa­zy­jy­nyň maş­ga­la­sy­nyň gyş­ky däp­le­ri­ne ba­gyş­lan­ýar. Bu ýer­de ýa­zy­jy­nyň hem-de aýa­ly­nyň ça­ga­la­ry bi­len bi­le­lik­de Rož­dest­wo ta­ýyn­ly­gy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ser­gi­de pen­jek­ler, ki­tap­lar, öý goş­la­ry, Tols­to­ýyň aýa­ly So­fi­ýa­nyň fo­to­su­rat­la­ry ýa­ly 50-den gow­rak eks­po­nat ýer­leş­di­ri­lip­dir. “Şel­kun­çik” ba­le­tin­dä­ki saz bol­sa, ser­gi bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp, ýaň­lan­ýar.
Bu ýe­re gel­ýän­ler ýa­zy­jy­nyň aýa­ly So­fi­ýa ta­ra­pyn­dan çe­ki­len “Ýas­na­ýa Po­lia­na­nyň” gyş man­zar­la­ry­ny hem syn­lap bi­ler­ler. “Bu tä­ze ser­gi, biz ony Tä­ze ýyl üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­dyk, Tols­to­ýyň aýa­ly­nyň çe­ken kar­ti­na­la­ry bu gör­nüş­de il­kin­ji ge­zek hö­dür­len­ýär – di­ýip, mu­zeý-mülk ser­gi­si­niň mü­di­ri Ma­ri­ýa Ar­şak­ýan aýt­dy.
Ýas­na­ýa Pol­ýa­na – Tu­la se­bi­ti­niň Şe­ki­no et­ra­byn­da­ky bir mülk bo­lup, bu ýer­de 1828-nji ýy­lyň 9-njy sent­ýab­ryn­da Lew Tols­toý dün­ýä in­ýär. Ýa­zy­jy­nyň mül­kün­dä­ki to­kaý­lar, se­ýil­gäh­ler, bag­lar we beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­ler 1921-nji ýyl­da döw­let ta­ra­pyn­dan go­rag as­ty­na alyn­dy. 1986-njy ýyl­da “Ýas­na­ýa Pol­ýa­na” mu­ze­ýi döw­let me­mo­ri­al we te­bi­gy go­rag­ha­na­sy­na öw­rü­lip, 1993-nji ýyl­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li me­de­ni ob­ýekt de­re­je­si­ne eýe bol­dy.