Horwatiýa täze 2023-nji ýyly täze walýuta bilen garşylady. 1-nji ýanwardan başlap ýurt ýewro pul birligine geçdi. Ýewropanyň ýeke-täk walýutasynyň tapgyrlaýyn, ýöne çalt ornaşdyrylmagynyň çäginde bankomatlaryň ýarysyndan gowragy täze banknotlary paýlamak üçin öçürilip täzeden işe girizildi. Horwat kunasy we ýewro nagt tölegler üçin diňe 14 günüň dowamynda deň derejede ulanylar.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Horwatiýa Şengen sebitine resmi taýdan goşuldy. Bu ýagdaý adamlaryň goňşy Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasyndaky serhetden pasport gözegçiliksiz geçip biljekdigini aňladýar. Emma Horwatiýanyň Bosniýa ýaly Ýewropa Bileleşigine girmeýän döwletler bilen serhetlerine has berk gözegçilik ediljekdigini aňladýar, sebäbi indi Horwatiýa arkaly Şengen sebitiniň beýleki ýurtlaryna girmäge mümkinçilik açylýar.