1-nji ýanwarda Braziliýada üçünji gezek döwlet Baştutany wezipesine saýlanan Luis Inasiu Lula da Silwanyň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi. Lula da Silwa 2003-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk edipdi. Indi ol 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 4-nji ýanwaryna çenli bu wezipäni eýelär. Ol ýurduň Milli Kongresinde geçirilen kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda “Konstitusiýany goramagy, kanunlary berjaý etmegi, Braziliýanyň bitewiligini we Garaşsyzlygyny goramagy wada berýärin” diýdi.
Şol gün döwlet Baştutany ministrlikleriň sanyny 37-e çenli köpeldip, täze hökümetiň gurluşyny tassyklady. Täze kabinetde Braziliýanyň dokuz sany syýasy partiýasynyň wekilleri bar. Lula da Silwanyň kasam kabul ediş dabarasyna dünýäniň 65 ýurdunyň wekiliýeti, şol sanda, 17 ýurduň döwlet Baştutany gatnaşdy.
Lula da Silwa 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Braziliýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Oňa saýlawçylaryň 50,9 göterimi ses berdi, bu oňa ýurduň ilatynyň 49,1 göterimi tarapyndan goldanan bäsdeşi, öňki döwlet Baştutany Žair Bolsonarudan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, Lula ýurduň ilatynyň 2,14 million sesine eýe boldy. Saýlawlara ses bermäge hukugy bolan 156,4 million raýatdan 118,55 million saýlawçy gatnaşdy.