Angliýa Banky Beýik Britaniýanyň täze Koroly Karl III portreti şekillendirilen şaýylyklaryň dizaýnyny hödürledi. Olarda Korolyň keşbi 2 we 5 funtluk şaýylyklarda, şeýle-de 50 pensde orun alypdyr.
– Onuň portreti şekillendirilen her bir şaýylyk, ýokary hili bilen tapawutlanýar – diýip, patyşa zikgehanasynyň ýerine ýetiriji direktory Enn Jessopp belledi.
Karlyň 75 ýaşyna bagyşlanan 5 funtluk şaýylykda Patyşanyň tebigata bolan söýgüsini görkezýän dub ýapraklary we delfinium gülleri şekillendirilen. 2 funtluk şaýylyklaryň arka tarapy ýazyjy Jon Ronald Ruel Tolkine we 1934-nji ýylda dünýä tizligi boýunça rekord goýan “Uçýan şotlandiýaly” atly bug lokomotiwiniň ýüz ýyllygyna bagyşlanypdyr. 50 penslik şaýylyk Milli saglyk gullugynyň 75 ýyllygyna we Ikinji jahan urşundan soň ýurda çagyrylan “Windraş nesli” diýlip atlandyrylýan immigrantlara bagyşlanypdyr. Heniz dolanyşyga girmedik bu şaýylyklary “Royal Mint” web sahypasynyň üsti bilen satyn alyp bolýandygy hem habar berilýär.
Şeýle hem golaýda Angliýa Banky Beýik Britaniýanyň täze Koroly Karl III-iň banknot dizaýnyny hödürledi. Bankyň web sahypasynda ýerleşdirilen beýanata görä, patyşanyň portreti 5£, 10£, 20£ we 50 funtluk polimer banknotlarda peýda bolar. Patyşanyň şekili bolan banknotlaryň 2024-nji ýylyň ortalaryna dolanyşyga girmegine garaşylýar. Patyşa Karl III we merhum Şa zenan Ýelizaweta II-niň şekilleri bolan şaýylyklar we banknotlar Beýik Britaniýada we britan monarhynyň formal döwlet baştutany bolup galýan beýleki ýurtlarynda dolanyşykda bolar. Angliýa bankynyň habaryna görä, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň portreti bolan pullar könelýänçä ýa-da zaýalanýança kanuny töleg serişdesi bolup galar.
Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda 96 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Şondan soň onuň ogly Şazada Çarlz ejesiniň ornuna geçip, Korol Karl III adyna eýe boldy. Ýelizaweta II 19-njy sentýabrda Windsor galasynyň meýdançasyndaky Georg VI buthanasynda jaýlandy.