Arassa energiýa üçin maýa goýum goýar

103

Ne­bit we gaz pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan Ita­li­ýa­nyň ENI kom­pa­ni­ýa­sy aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän ulag pu­da­gyn­da iş alyp bar­mak üçin aý­ra­tyn şe­re­ket dö­ret­di. “Eni Sus­tai­nab­le Mo­bi­li­ty” at­ly şe­re­ket do­lu­ly­gy­na ital­ýan kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lup, aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän ulag ul­ga­myn­da iş­lär. Tä­ze şe­re­ke­te mun­dan ozal “Eni Ener­gy Evolu­ti­on”-da iş­län Ste­fa­no Bal­lis­ta ýol­baş­çy­lyk eder. Kom­pa­ni­ýa bu ba­ra­da be­ren be­ýa­na­tyn­da tä­ze şe­re­ke­tiň ener­gi­ýa ge­çi­şi­ne gol­daw ber­ýän we äh­li pro­ses­de “nol zy­ýan­ly ga­za” ýet­me­gi çalt­lan­dyr­ýan hyz­mat­la­ry we ha­ryt­la­ry bir ýe­re jem­le­jek­di­gi­ni bel­le­di. “Eni Sus­tai­nab­le Mo­bi­li­ty” Ita­li­ýa­da we beý­le­ki ýurt­lar­da bioa­ras­sa­la­ýyş, bio­me­tan we beý­le­ki önüm­le­ri iş­läp taý­ýar­lar. Şe­re­ke­tiň We­ne­si­ýa­da we Ge­la­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni bio usul­da aras­sa­la­ýan önüm­çi­lik des­ga­la­ry bar. Şeý­le hem bu şe­re­ket Ma­laý­zi­ýa­da­ky Li­wor­no we Pen­ge­rang şä­her­le­rin­de tä­ze tas­la­ma­la­ry du­ru­şa ge­çi­rer.
Mun­dan baş­ga-da şe­re­ket Ýew­ro­pa­da wo­do­rod, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, bio­me­tan we HVO (Wo­do­rod­laş­dy­ry­lan ösüm­lik ýa­gy) ýa­ly ener­gi­ýa­nyň tä­ze çeş­me­le­riň sa­tu­wy­ny ama­la aşyr­ýan we paý­la­ýan 5 müň­den gow­rak söw­da no­ka­dy­ny açar. Bu be­ket­ler aw­tou­lag­la­ryň kä­ren­de­si­ne be­ril­me­gi ýa­ly hyz­mat­la­ry hem ama­la aşy­rar.

Gur­ban­mu­ham­met Ro­zy­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.