Geçen ýyl adyny “Meta” diýip üýtgeden “Facebook” brendi hyýaly dünýädäki maýa goýumyny artdyrýar. Kompaniýa merkezi edarasy Niderlandlardaky “akylly” äýnekleri we linzalary öndürýän “Luxexcel” kompaniýasyny satyn aldy. Kompanýa soňky ýyllarda hyýaly elektron dünýäniň (meta) ekoulgamyny döretmek üçin bu ugurda iş alyp barýan şereketler bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Häzirki wagtda linzalary 3D usulynda çap etmegiň usulyýetini işläp taýýarlaýan “Luxexcel” bar bolan linzalardan has ýokary hilli linzalary öndürmek üçin ýörite enjamlary we programmalary ulanýar.
“Meta” bolan bu şereketi garamagyna alyp, hyýaly hakykat äýnekleriň önümçiligini artdyrmakçy bolýar. Häzirki wagtda “Meta”-nyň “Quest 2” we “Quest Pro” modelleri bu bazaryň iň geçginli harytlarynyň biridir.
Geçen ýyl bolsa “Meta” meşhur äýnek brendi “Ray-Ban” bilen hem hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ray-Ban Stories” atly äýnegi satuwa çykarypdy.
Orazgeldi Gulow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby
PDF









