Ger­ma­ni­ýa, ABŞ, Ang­li­ýa, Ita­li­ýa, Fran­si­ýa, Ýa­po­ni­ýa we Ka­na­da döw­let­le­rin­den eme­le ge­len G7 (Uly ýe­di­lik) at­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň baş­lyk­ly­gy Ger­ma­ni­ýa­dan Ýa­po­ni­ýa geç­di. Bu ýyl­ky G7 Sam­mi­ti­niň maý aýyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Hi­ro­si­ma şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Bu gu­ra­ma­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne hem we­kil­çi­lik edil­ýär. Bu ýe­di ýurt dün­ýä ila­ty­nyň 10 gö­te­ri­mi­ni, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýa­ry­na go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. G7-niň baş­lyk­ly­gy­nyň Ýa­po­ni­ýa geç­me­gi my­na­sy­bet­li Ýa­po­ni­ýa­nyň Hö­kü­met baş­ly­gy Fu­mio Ki­şi­da wi­deo­be­ýa­nat ýaý­ra­dyp, şu ýy­lyň 19-21-nji ma­ýyn­da sam­mit ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Düýn ABŞ-nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri Pre­zi­dent Jo Baý­de­niň 13-nji ýan­war­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Hö­kü­met baş­ly­gy Fu­mio Ki­şi­da­ny Ak Tam­da ka­bul et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Be­ýa­nat­da Pre­zi­dent Baý­den Ki­şi­da­nyň G7 baş­lyk­ly­gy­ny alyp bar­ma­gy­na do­ly gol­daw ber­ýän­di­gi mä­lim edil­di.