“Microsoft” kompaniýasy Ispaniýanyň paýtagty Madridiň golaýynda maglumat merkezini döretjekdigini mälim etdi. Munuň üçin amerikan kompaniýasy Ispaniýanyň “Ferrovial” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder. Taslamany durmuşa geçirmek üçin birnäçe ýüz million dollar maýa goýum özleşdiriler. Tehnologiýa kompaniýasy Ýewropanyň dürli ýerlerinde 17 sebitde jemi bahasy 12 milliard ýewrodan gowrak maýa goýum goýmagy maksat edinýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde guruljak maglumat merkezi Madridiň 20 kilometr golaýyndaky 90 müň ilatly San- Sebastian-de-los-Reýesde ýerleşer. Kompaniýa bu desgany gurmak bilen “Microsoft Azure”, “Power Platform”, “Microsoft 365” hem-de “Dynamics 365” ýaly “bulut” hyzmatlaryny kämilleşdirer. Şeýle hem kompaniýa Madridiň golaýynda şular ýaly ýene-de iki merkezi gurmagy meýilleşdirýär.
Gurbangeldi Gurbanberdiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby
PDF









