Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy synagdan geçirilýär

160

Dün­ýä­niň iň güýç­li ýel tur­bi­na­sy bol­jak “Ves­tas V236-15.0 MW”-iň sy­nag mak­sat­ly gör­nü­şin­de ener­gi­ýa ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Da­ni­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Ýut­lan­di­ýa ýa­rym ada­syn­da­ky ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li ener­gi­ýa des­ga­sy­ny do­ly sy­nag­dan ge­çi­rip gör­mek üçin mer­kez gu­rul­dy. Bu ýer­de dün­ýä­niň iň uly ýel be­ket­le­ri­niň bi­ri bol­jak “Ves­tas V236-15.0 MW” köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge goý­be­ril­mez­den ozal dür­li ugur­lar­da bar­la­nyp gör­ler. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar des­ga­nyň önüm­çi­li­gi­niň tas­syk­lan­ma­gy üçin äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar.
Bu des­ga­nyň gu­rul­jak­dy­gy ba­ra­da 2021-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da mä­lim edi­lip­di. Be­ke­diň her bir pe­ri­niň dia­met­ri 236 met­re, di­ňiň be­ýik­li­gi 280 met­re ýe­tip, bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji bo­lar. Ýel di­ňi­niň bi­te­wi per­le­ri Da­ni­ýa­nyň Naks­kow şä­he­rin­dä­ki “Wes­tas” za­wod­da ön­dü­ril­ýär. Ýel di­ňi­niň şeý­le ulu­lyk­da­ky pe­ri Ýew­ro­pa­da il­kin­ji ge­zek ön­dü­ril­ýär. Uzak ara­lyk­dan ge­tir­mek kyn bo­lan­dy­gy se­bäp­li des­ga­nyň bu bö­le­gi­ni Da­ni­ýa­da ön­dü­ri­lip­dir.
Bir sa­ny “Ves­tas V236-15.0MW” ýel di­ňi­niň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 80 GWt-a ýet­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 20 müň tö­we­re­gi maş­ga­la­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Bi­ler­men­ler şeý­le muk­dar­da­ky ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­den alyn­ma­gy­nyň 38 müň ton­na­dan gow­rak kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Baş­ga söz bi­len aý­dy­lan­da bu gör­ke­zi­ji 25 müň aw­tou­la­gyň çy­kar­ýan zy­ýan­ly tüs­se­si­ne ba­ra­bar. Dün­ýä­niň iň güýç­li ýel tur­bi­na­sy gel­jek ýyl Da­ni­ýa­nyň Fre­de­rik­şawn ýel fer­ma­syn­da il­kin­ji ge­zek he­re­ket eder.

Ne­dir Aky­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by