Awstraliýada iri taslamasyny durmuşa geçirer

116

Fran­si­ýa­nyň “Neoen” ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy Awst­ra­li­ýa­da kuw­wa­ty 400 MWt bo­lan “Tes­la Me­ga­pack” at­ly tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Bu tas­la­ma adat­da­ky ener­gi­ýa be­ket­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ener­gi­ýa­ny äpet ba­ta­re­ýa­lar­da sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dip, has köp ener­gi­ýa sarp edil­ýän dö­wür­de üz­nük­siz üp­jün­çi­li­gi do­wam et­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le­lik­de, tas­la­ma dün­ýä­dä­ki iň uly ener­gi­ýa sak­la­ýyş des­ga­la­ryň bi­ri bo­lar.
Dün­ýä­niň iň ys­sy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Awst­ra­li­ýa­da to­mus aý­la­ryn­da ser­gin­le­di­ji­le­riň köp iş­le­me­gi ne­ti­je­sin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na has köp ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Şeý­le ýag­daý bök­denç­lik­ler ýü­ze çy­kyp bil­ýär. bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin mun­dan ozal ýurt­da “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de “Po­wer­pack” at­ly tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­lip­di. Gü­nor­ta Awst­ra­li­ýa­da gur­lan bu des­ga şeý­le çöz­gü­diň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Ne­ti­je­de, onuň has ulu­sy­nyň gu­rul­ma­gy ka­ra­ry­na ge­lin­di. “Neoen” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gur­jak des­ga­sy Kwins­lend şä­he­rin­de ýer­le­şip, aras­sa ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge we paý­la­ma­ga ýar­dam eder. Bu des­ga­lar­da tä­ze­len­ýän çeş­me­ler­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy sak­lan­ýar.

Gur­ban­gel­di Ju­ma­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by