Fransiýanyň “Neoen” energiýa kompaniýasy Awstraliýada kuwwaty 400 MWt bolan “Tesla Megapack” atly taslamany durmuşa geçirer. Bu taslama adatdaky energiýa beketlerinden tapawutlylykda energiýany äpet batareýalarda saklamaga mümkinçilik döredip, has köp energiýa sarp edilýän döwürde üznüksiz üpjünçiligi dowam etdirmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, taslama dünýädäki iň uly energiýa saklaýyş desgalaryň biri bolar.
Dünýäniň iň yssy ýurtlarynyň biri bolan Awstraliýada tomus aýlarynda serginledijileriň köp işlemegi netijesinde elektrik energiýasyna has köp zerurlyk duýulýar. Şeýle ýagdaý bökdençlikler ýüze çykyp bilýär. bu meseläni çözmek üçin mundan ozal ýurtda “Tesla” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Powerpack” atly taslama durmuşa geçirilipdi. Günorta Awstraliýada gurlan bu desga şeýle çözgüdiň oňyn netije berýändigini görkezdi. Netijede, onuň has ulusynyň gurulmagy kararyna gelindi. “Neoen” kompaniýasynyň gurjak desgasy Kwinslend şäherinde ýerleşip, arassa energiýa öndürmäge we paýlamaga ýardam eder. Bu desgalarda täzelenýän çeşmelerden alynýan elektrik energiýasy saklanýar.
Gurbangeldi Jumamyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









